Uzak ýyllaryň dowamynda çopançylyk edip, mal yzynda gezen pähimdar ýaşuly mal bazaryndaky kökerilgi goýunlary gözden geçirip ýördi. Ýaşulynyň nazary semiz öweçde eglendi. Eýesinden onuň bahasyny sorap, ylalaşsa, satyn aljakdygyny aýdyp:
— Inim, bu ene goýun eken. Men huruşlyk edinjek bolýan, bogaz däldir-dä hernä — diýdi.