Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň milli ýörelgeleriniň, şöhratly taryhynyň nakyllaryň, rowaýatlaryň üsti bilen has täsirli beýan edilmegi okyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Munuň özi çuňňur pikirli, pelsepewi garaýyşly bu kitabyň terbiýeçilik ähmiýetini ýokary derejä ýetirýär. Kitabyň çuňňur many-mazmunynda halkymyzyň ruhy dünýäsi, gadymdan gelýän milli medeniýeti öz beýanyny tapýar.
Kitapda ylym-bilime aýratyn orun berilýär. Kitabyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» atly bölüminde ynsan mertebesini has-da ýokarlandyrýan ylym hakynda giňişleýin beýan edilýär. Şu ýerde ylym-bilimiň örän ýokary gymmatlykdygyny, ösüşleriň gözbaşydygyny aýratyn nygtasymyz gelýär. Sebäbi ata-babalarymyz sowat öwrenmegi zerur hasaplapdyrlar. Halkymyzyň Milli Lideriniň bu ajaýyp kitabyny okanymyzda ylymly bolmagyň hem asylly ýörelgedigine aýdyň göz ýetirýäris. Ýaşlary terbiýelemekde ylym-bilimiň uly orny bardyr. Bu babatda kitapda şeýle bellenilýär: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijeleri seljerilip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşyň üpjün edilmeginiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir. Şunda adamlaryň ukyplary, zehini, mümkinçilikleri babatynda oýlanyşykly çemeleşmek gerek».