Giň dünýäniň geň habarlary

21 Awgust 2024
102

Älem obserwatoriýasy

Ýewropanyň kosmos agentliginiň hem-de ABŞ-nyň NASA milli älem gullugynyň hyzmatdaşlyk etmeginde «LISA» atly älem obserwatoriýasyny döretmek babatdaky taslama durmuşa geçirilýär. «LISA» üç sany emeli hemradan ybarat bolup, olar biri-birinden iki ýarym million kilometr aradaşlykda ýerleşdiriler. Olaryň özara lazer şöhleleri arkaly emele getirýän täsin üçburçlugyna aralaşan grawitasiýa tolkunlaryna gözegçilik etmek bilen, galaktikada häzirki wagtda bolup geçýän ewolýusiýa hadysalaryny ylmy taýdan öwrenmeklik göz öňünde tutulýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.