Gözelligiň göwher gaşy

21 Awgust 2024
88

Hormatly Prezidentimiz: «Döwrebap desgalary bilen haýrana goýýan paýtagtymyz bütin dünýäde parahatçylygyň, ylalaşygyň, halklaryň arasynda dostlugyň hakyky merkezi hökmünde ykrar edildi» diýip belleýär. Bu gün oňyn Bitaraplyk syýasatyny öňe sürýän eziz Diýarymyz halklary birleşdirýän dostluk ýolunyň ýüregine öwrüldi. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň binagärlik keşbi has hem gözelleşýär. Halk arasynda «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlişi ýaly, aklyga bürenen şäherimiziň döwrebap binalarynyň keşbi, bagy-bossanly seýilgähler, ýaşaýyş jaýlary, aýna ýaly köçelerdir şaýollar göreni haýrana goýýar. Ajaýyp desgalarda ýaşamak, döredijilikli zähmet çekmek, oňaýly dynç almak üçin ähli amatly şertler döredilen.Ak mermere beslenen paýtagtymyzyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna altyn harplar bilen ýazylmagy her bir türkmenistanlyda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Munuň özi ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny ýokarlandyrmak bilen, tutuş dünýäde Türkmenistan döwletine bolan gyzyklanmany artdyrdy. Halklary birleşdirýän medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi netijesinde, her ýylda ýurdumyzda geçirilýän dürli konsertlerdir festiwallarda dünýä ýurtlaryndan gelýän myhmanlar gözel paýtagtymyzyň täsinlikleriniň janly şaýady bolýarlar.

Gündizlerine Gün bilen bäsleşip, gijelerine Aýyň ýalkymyna öwşün atýan täsin keşpler hiç bir ynsany biparh goýmaýar. Täsin suw çüwdürimli, dynç almak üçin ähli oňaýly şertler döredilen seýilgähleriň keşbini göreniňde, ähli gözellikleriň hut şu ýerde jemlenendigine göz ýetirýärsiň. Merjen şäherimiziň täsinlikleri halkymyzyň çüwen ykbalynyň nyşany bolup, jahana ýaň salýar. Seýilgählerdäki biri-birinden owadan gül-gunçalardyr bagy-bossanlyk sazlaşykly täsin keşbi emele getirýär. Gijelerine binalardyr desgalara sazlaşykly ýalkym berýän yşyklar ynsan kalbyny jadylaýar. Parahat, asuda ýurtda ýaşap, döredijilikli zähmet çekýän raýatlarymyz paýtagtymyzyň täsin seýilgählerinde medeniýetli dynç alýar. Ýörite meýdançalardaky şadyýan çagalaryň gülki sesleri ýurdumyzyň parahatlygynyň kepili hökmünde asmana dolýar. Şeýle täsinlikleri, asudalygy göreniňde, ajaýyp ýurtda, bagtly durmuşda ýaşaýandygyňa guwanjyň goşalanýar. Gözellikleri gören ynsan ýakymly duýgulary başdan geçirýär, şahyrlar şygyr ýazýar, bagşylar joşa gelýär.

Döwletmyrat ORAZMYRADOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.