Milli kanunçylygymyz kämilleşdirilýär

21 Awgust 2024
87

Täze taryhy eýýamda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde, ony halkara ülňülere laýyk getirmekde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uly işler durmuşa geçirilýär. Sebäbi döwrebap kanunçylyk döwletimiziň we jemgyýetimiziň yzygiderli ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Zähmet kodeksine, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine, «Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda», «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda», «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda», «Tohumçylyk hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy. Milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýurdumyzda kanunyň hökmürowanlygy baradaky talabynyň durmuşa geçirilýändiginiň hem aýdyň nyşanydyr we ol halkymyzyň bagtyýar, erkana, abadan durmuşynyň dowamat-dowam bolmagyna gönükdirilendir.

Biçer GARAÝEWA,
welaýat prokuraturasynyň umumy bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.