“Miras” žurnaly: alymlaryň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna ylmy garaýyşlary

15 Awgust 2024
119

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýyl şanly wakalara beslenip, şöhratly ata-babalarymyzyň we beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň taryhy-medeni mirasyna täzeçe nazar aýlamaga mümkinçilik döredýär. Medeni-ruhy gymmatlyklaryň özboluşlylygy, köpdürlüligi halklary jebisleşdirýän esasy baýlyk bolup durýar.

Neşiriň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglyk güni, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy, Türkmen bedewiniň milli baýramy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, şeýle-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlaglary ýerleşdirilipdir.

(TDH)