Agzybirligiň dabaralanmasy

14 Awgust 2024
90

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — milli bitewilik, demokratiýanyň dabaralanmasy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýaşulular, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty gatnaşdy. Ýurdumyzda il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň öwüt-ündewleri ömrümize şamçyragdyr. Olar milli däpleri we durmuş paýhasyny nesilden-nesle geçiripdirler. Olara sala salmak we geňeşmek, sarpasyny saklamak ýaly asylly ýörelgelerimiz oňyn netije berýär. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýýän pederlerimiz her bir işde halka geňeşipdirler.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmäge uludan taýýarlyk görülýär. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — milli bitewilik, demokratiýanyň dabaralanmasy» atly wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler, ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän özgertmeleriň taryhy ähmiýeti, döwletimiziň barha artýan halkara abraýy, gazanylýan beýik ösüşler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler, bu beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözler aýtdylar.

Maýagözel GOŞAÝEWA,
«Aşgabat».