Owazy äleme dolan Awaza

14 Awgust 2024
89

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň­Galkynyşy döwründe halkymyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere, ykbal özgerdiji pursatlara beslenýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr!, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarynyň ajaýyp döwrümizde döwrebap many-mazmun bilen baýlaşýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda raýatlaryň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamaklary, oňat dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde gojaman Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda gurlan ­«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mysal getirmek bolar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy häzirki wagtda syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň, ildeşlerimiziň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Elbetde, Hazar deňziniň kenarynda kemala getirilen şertler türkmenistanlylaryň abadançylygynyň hemmetaraplaýyn üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň guwandyryjy netijesi bolmak bilen, yzygiderli amala aşyrylýan deňsiz-taýsyz özgertmeleriň aýdyň nyşanydyr. Deňzi ekologiýa taýdan goramak, onuň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işleriň barşy döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Şunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara forumlaryň, konferensiýalaryň, duşuşyklaryň, halkara festiwallaryň, sport bäsleşik­leriniň, konsertleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Abdy ABDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.