Göz-guwanjymyz — paýtagtymyz

14 Awgust 2024
80

Toý-baýramlary, şanly seneleri goşalanyp gelýän eziz Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly uly üstünliklere beslenip dowam edýär. Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesiniň toýlanylýan ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, baş şäherimiz Aşgabatda hem giň gerimli baýramçylyk maksatnamalary dabaralandyrylýar. Baýramçylyk joşgunyny gözel paýtagtymyzyň keşbinde hem aýdyň görmek bolýar.

Bilşimiz ýaly, gujagynda asuda, bagtyýar durmuş gaýnap joşýan paýtagtymyzyň ak mermere beslenen ajaýyp keşbinde ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri aýdyň şöhlelenýär. Ak şäherimizde raýatlarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, okamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin giň gerimli şertleriň ählisi döredilen. Paýtagtymyzda halkymyza edilýän döwrebap hyzmatlaryň hili hem ýylsaýyn kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ilata edilýän jemagat hyzmatlaryny sanly ulgama geçirmek, raýatlaryň hyzmatlar üçin töleglerini onlaýn usulda töläp bilmekleri babatda oňaýly şertleri döretmek boýunça hem birnäçe netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurda häzirki wagta çenli Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin «Merkezi elektron ulgam» taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny we tapgyrlaýyn esasda birnäçe programmalaryň işe girizilendigini hem aýratyn bellemek gerek. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetiniň ýokary derejesiniň üpjün edilýändiginiň, sanly ulgamyň gündelik durmuşymyza batly depginler bilen ornaşdyrylýandygynyň aýdyň görkezijisidir.

Azatnepes ANNANEPESOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.