Halypa-şägirtlik ruhy gymmatlygymyzdyr

12 Awgust 2024
108

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen jemgyýetiniň ruhy galkynyşyny, halkymyzyň, ýaş nesillerimiziň ruhy kämilligini üpjün etmekde gymmatly eserleri döreden akyldarlarymyzyň atlary şöhratlandyrylýar. Beýikleriň hatarynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hatyrasy belent tutulýar hem-de akyldaryň halypalyk mekdebine eýerilýär.

Türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň biri-de halypa-şägirt gatnaşyklarydyr.Hünärli bolmak we hünäriňe ussatlyk derejesinde erk edip bilmek barada ata-babalarymyz: «Ýüz hünäri çala bilenden, bir hünäri doly bil», «Hünäri öwren-de, ýigren», «Öwrenmek bir hünär, öwretmek iki hünär», «Ylymsyza hünär ýok, hünärsize guwanç ýok» diýen nakyllary döredipdirler. «Halypa görmedikden halypa çykmaz», «Ussatdan ussat dörär» ýaly pähimleri döreden pederlerimiz ylma, sungata, haýsy-da bolsa bir işe örküni baglamagy maksat edinen adama «Halypa görmän, pirden pata alman, bu käre baş goşma!» diýip, maslahat beripdirler. Olar şägirtleriň bilmeýänlerini halypasyndan soramagyň möhümdigini «Sorap öwrenen alym, soramadyk özüne zalym» diýen pähimiň üsti bilen öwredipdirler.

Ogulbaýram MELÄÝEWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň jemgyýetçilik bilimleri bölüminiň müdiri.