Hazaryň ajaýyp kenary

11 Awgust 2024
216

Her ýylyň 12-nji awgustynda giňden bellenilýän Hazar deňziniň gününiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň uzak geljege gönükdirilen, ählumumy bähbitleri nazarlaýan tebigaty goramak syýasatynyň çuňňur mazmunyny dünýä ýaýmakda ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünliklere beslenýän ekologiýa syýasaty bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, ählumumy ösüş üçin ykdysady, syýasy şertleri döretmek ýaly döwletli maksatlardan ugur alýar.

Hazar deňziniň güni dabaraly bellenilip geçilýän möhüm ekologik sene bolmak bilen, ol deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsini, gymmatly baýlyklaryny gorap saklamakda tagallalary birleşdirmäge itergi berýär. Hazar deňziniň möhüm ulag-logistika merkez hökmündäki mümkinçiliklerinden, onuň bioserişdelerinden, gymmatly baýlyklaryndan rejeli peýdalanylmagy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralmagy sebitiň ýurtlarynyň ekologiýa abadançylygyny, howpsuzlygyny, söwda-ykdysady, dostlukly gatnaşyklaryny üpjün etmegiň geljegi uly ugurlarydyr.

Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.