«New York Times» gazeti XXI asyryň iň gowy 100 kitabynyň sanawyny neşir etdi. Gazetiň işgärleri awtorlaryň, edebi tankytçylaryň we edebiýaty söýüjileriň arasynda 2000-nji ýyldan bäri neşir edilen iň oňat 10 kitabyň adyny aýtmagyny haýyş edip, pikir soralyşyk geçirdiler. Netijede, sanawy düzmäge 503 adam gatnaşyp, olaryň arasynda Stiwen King, Jeýms Patterson, Sara Jessika Parker, Marlon Jeýms ýaly meşhur ýazyjylar we beýlekiler bar.
– Siz özüňiziň okamak isleýän kitabyňyza gabat gelersiňiz ýa-da ýene-de eliňize alyp görmek isleýän iň söýgüli kitabyňyza duşarsyňyz diýip umyt edýäris. Ozaly bilen, siz hem eserlerde hödürlenen pikirleriň, tejribeleriň we arzuw-hyýallaryň giňligine haýran galarsyňyz we edil biz ýaly ruhlanarsyňyz – diýip, neşirde bellediler.