Magtymguly – ýokary medeniýetliligiň nusgasy

9 Awgust 2024
56

Hal­kyň me­de­ni­ýe­ti asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la gel­ýär hem-de onuň dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da şöh­le­len­ýär. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry­ny oka­nyň­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň äh­mi­ýet­li maz­mu­ny has giň­den açyl­ýar. Şo­nuň üçin hem türk­men me­de­ni­ýe­ti diý­len­de, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si öňüň­de açyl­ýar hem-de mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň gym­mat­ly­gy­na öw­rül­ýär. Umu­man, hal­ky­my­zyň yl­my we me­de­ni­ýe­ti Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şah­sy­ýe­ti bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Se­bä­bi mil­li me­de­ni­ýe­tiň we yl­myň göz­baş­la­ry­ny, onuň do­wa­my­ny şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de gör­mek bol­ýar.

«Me­de­ni­ýet ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyn­da: «Adam­zat ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len we dö­re­dil­ýän, şah­sy­ýe­tiň saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­me­gi­ne, wa­tan­çy­ly­gy ter­bi­ýe­le­mä­ge, ýo­ka­ry ah­lak­ly­lyk we ru­hy-ah­lak­ly­lyk hä­si­ýet­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mä­ge, Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry­nyň es­te­ti­ki ta­lap­la­ry­ny we bäh­bit­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len mad­dy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň je­mi­dir» diý­lip be­ýan edil­ýär.