Ylhamy zyýada kitaphanaçy

8 Awgust 2024
201

Suratda: kitaphanaçy Annatuwak Kakaýewa (ortada) işdeşleri bilen.

Men bu zenany çärýek asyr wagt bäri tanaýaryn. Ony ilkinji gezek mundan 25 ýyl öň «Owadan» (häzirki «Zenan kalby») žurnalynda işe başlap, ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyna iş sapary bilen gidenimde görüpdim. Dogrusy, Daşoguz welaýaty, onuň goýnunda ýerleşýän keramatly ýerler, gadymy ýadygärlikler barada öň köp eşidenem bolsam, bu topraga ilkinji gezek barşymdy. Şonuň üçin iş saparyny nireden we nähili başlamalydygy barada gürrüň bolanda, elbetde, ilki bilen, gadymy Köneürgençden başlamagy saýlapdym. Bu gadymy şäherde bizi etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Annatuwak Kakaýewa garşy alypdy. Ol şonda meýilleşdirilen işlere başlamazdan ozal keremli toprakda ýatan üç ýüz altmyş pirleriň aramgähine zyýarat etdirdi. Şondan soň döwlet derejesinde geçirilen medeni çäreleriň, baýramçylyk konsertleriniň, Medeniýet hepdelikleriniň, festiwallaryň köpüsine bu mähriban zenan bilen gatnaşmak miýesser etdi. Onuň bilen gadyrly gatnaşyklarymyz dowam edip, Daşoguza ýolum düşse, belent adamkärçiligi, myhmansöýerligi, ajaýyp şygyrlary, gyzykly gürrüňleri bilen özüne çekýän Annatuwagy görmän gaýtmazlyga çalyşýaryn.

Keýik UMAROWA,
žurnalist.