Raýatlar üçin dynç alyş şertleri

8 Awgust 2024
107

Raýatlaryň dynç almaga bolan hukugy barada Esasy Kanunymyzyň 50-nji maddasynda: «Her bir adamyň dynç almaga hukugy bardyr we ol iş hepdesiniň çäklendirilen dowamlylygynyň bellenmeginden, her ýylky tölegli zähmet rugsatlarynyň, her hepdede dynç günleriniň berilmeginden ybaratdyr. Döwlet adam üçin dynç almaga we boş wagtyny peýdalanmaga amatly şertleri döredýär» diýlip bellenilýär.

Mundan başga-da, raýatlaryň bu hukugy Adam hukuklary hakyndaky Ählumumy Jarnamanyň 24-nji maddasynda berkidilendir. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 84-nji maddasyna laýyklykda, rugsatlaryň her ýyl berilýän esasy rugsat, goşmaça rugsat, durmuş rugsady we iş haky tölenilmeýän rugsat ýaly görnüşleri bardyr. Raýatlaryň zähmet borçlaryny talabalaýyk berjaý etmegi we dynç alyşa bolan hukuklaryndan peýdalanmagy ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge hem-de olaryň durmuş eşretlerinden peýdalanmagyna mümkinçilik berýär.

Sülgünjemal TÜLEKOWA,
Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy.