Çäreler täsirli geçýär

7 Awgust 2024
281

        Awazanyň gözel künjegine dynç almaga gelen çagalar we Russiýa Federasiýasyndan gelen mekdep okuwçylary häzirki wagtda dynç alşyň täsirli günlerini başdan geçirýärler. Bu gün çagalaryň dynç alşy deňiz kenaryna  gezelençden başlandy.

Çagalaryň dynç alşy «Daýanç» sagaldyş merkezindäki medeni  çäreler bilen utgaşdy. Merkezde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda çagalar Magtymguly Pyragynyň  dürli dillere terjime edilen şygyrlaryny ýatdan aýtdylar. Çeper okaýyşlary hem ýerine ýetirdiler. 

Altyn SARYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».