Hazaryň kenarynda ýaňlanýar dostluk mukamy

7 Awgust 2024
88

Ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky giň gerimli aladalar eziz Watanymyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwürdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladalaryndan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda täze taryhy eýýamyň möhüm aýratynlygyna öwrülen bu ýörelge mazmun baýlygyna eýe bolýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde indi birnäçe gün bäri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şatlyk-şowhunda dowam edip gelýän «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri şeýle buýsançly hakykatyň mynasyp beýanyna öwrülýär. Hazaryň türkmen kenaryny baýramçylyk ruhuna beslän bu çärelere Russiýa Federasiýasyndan gelen mekdep okuwçylary bilen birlikde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat-goldawlary bilen bejergi alan çagalar hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar ýokary işjeňlikde gatnaşýarlar. Russiýaly okuwçylar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mart aýynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda birinji orny eýeläp, şeýle mümkinçilige eýe boldular. Russiýaly mekdep okuwçylaryna gazanan üstünlikleri üçin gymmatbahaly sowgatlar bilen birlikde, ýokarda ady agzalan haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanmalar gowşuryldy. Şeýlelikde, olar türkmenistanly deň--duşlary bilen tomusky dynç alyş möwsüminiň ýatdan çykmajak şatlykly günlerini başdan geçirýärler.

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan». Surata düşürenler Andreý PAKULOW, Dörtguly MYRATGULYÝEW.