Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

5 Awgust 2024
278

SEPLEŞMEÝÄN SETIRLERIŇ SERHEDI

Kellämi iki penjämiň arasyna alyp oýlanýan — näme ýazmaly?! Näme okamaly?! Birinji nobatda, şu setirleri ýazyp başlan ruçkamy taşlamaly — solak ýazýar. Düýn Mähege dükandan aldyran ruçkalarymdan birini ulanaýyn. Hälki boşan ruçkam gowudy, goýudy. Başga zat tapmasam, soň ulanaryn-da muny... Hany, göreýin, aý, bolýa-da, gaty gowy däl. Ýa sowukdanmyka? Çagakag-a ujuny peje degrerdik. Şeýtseň, gowulaşýan ýaly. Aý, bolar-la, ýaňka görä-hä ýagşyrak ýaly. Solagragam bolsa, ýazara goruň bolsa, bu bahana däldir-laý, munyň hälki bir ýöne, «...arpa çörek bahana» diýeniňki ýaly bolaýmasa... Edil bahana-da däl ýaly-la. Ine, öňden aýap goýan başga bir ruçkamy aldym welin, solak hem goýy ýazgylaryň serhedi mese-mälim bolaýdy. Ummandaky biri-biri bilen garjaşmaýan iki dürli suw ýaly olar. Bu maglumaty sepleşmeýän setirlerimi aklamak üçin getiräýdim öýdýän... Öňler-ä setir, pikir sepleşmese, adatça, üç sany ýyldyzjyk goýaýýadym. Bu gezegem şeýle ederin-dä bolmasa... Her näme diýseňem, ruçka-da köp zat bagly bolmaly.

Orazmyrat MYRADOW,
«Nesil».