Berjaý edilmeli düzgünler

2 Awgust 2024
128

Häzirki döwürde el zähmetini ýeňilleşdirýän, elektrik togy bilen işleýän dürli görnüşli tehnikalar öý hojalygynda giňden ulanylýar. Ýöne şolaryň arasynda has-da köp ulanylýanlary otagy ýyladyjy peçler hem-de sowadyjy enjamlardyr. Bu enjamlar gije-gündiziň dowamynda uzak wagtlaýyn işledilýär. Şunlukda, olaryň uly kuwwatlylygy elektrik setine aşa agram berme, gysga utgaşma, elektrik geçirijileriň ýa-da enjamyň agregatlarynyň gyzmasy döräp, ýangynyň ýüze çykmagyna getirip biler.

Olar zerarly döreýän ýangyn howpuny öwrenmek zerurdyr. Bu zerurlyk enjamlaryň gurluşynda ýanyjy materiallaryň ulanylýandygy we olaryň ýokary energiýa talap edijiligi bilen düşündirilýär. Ýokary energiýa sarp edýän bu enjamlaryň uzak wagtlap işledilmegi netijesinde hem-de adamlaryň ol enjamlary gözegçiliksiz galdyrmagy sebäpli ýangyn döräp bilýär.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölümi.