Ýokary taýýarlykly barylýar

31 Iýul 2024
166

Ýakynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — halk häkimiýetiniň ygtybarly sütüni» atly maslahat geçirildi. Bu maslahatda Arkadag şäheriniň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän hünärmenler, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary çykyş etdiler.

Çykyşlarda Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýunyň öň ýanynda — 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän syýasy-jemgyýetçilik çäresi bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine möhüm ähmiýet degişlidigi we ony ýokary derejede geçirmek boýunça ýurdumyzyň ähli künjeklerinde taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi.

Ogulnar BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň esasy hünärmeni.