Tokaý seýilgählerde baglaryň guran şahalaryny kesip aýyrmaly we baglaryň aşaklaryna dökülýän guran pürlerini yzygider arassalap, olary çäkden çykarmaly. Kebşirleme işleri geçirilende, rugsady bolan hünärmenler işleriň geçirilmeli ýerlerini ot-çöplerden topraga çenli arassalap, uçgunlar dumly-duşa ýaýramaz ýaly, töwerekleýin oda durnukly diwary gurnamaly hem-de ýangyn söndüriş serişdeleri üpjün edilenden soň işe girişmeli. Türkmenistanyň çägindäki edara-kärhanalaryň, guramalaryň eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ählisi tebigatyň gözel ýerlerinde islendik bir işi geçirende, ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini dürs berjaý etmäge borçludyr.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölümi.