Nesiller — kalbymyzyň nury

31 Iýul 2024
155

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Muňa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny okanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan bu eseri çuňňur many-mazmuna eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz kitabynda şeýle beýan edýär: «Men «Watan» we «halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn».

Bu günki gün türkmen ýaşlary ylym-bilimde, medeniýetde, sungatda, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda başarnyklaryny görkezip, hormata mynasyp zähmet çekýärler. Yzygiderli ünsüň we goldawyň netijesinde, ýaş nesiller ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynda mynasyp orun eýeleýärler. Olaryň öňünde ähli gujur-gaýratlaryny, bilimlerini we başarnyklaryny ulanmak arkaly, täze taryhy döwürde başy başlanan ägirt uly özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmek, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalary durmuşa geçirmek wezipeleri durýar. Döwletimizde ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi hem-de kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmekleri, ata Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertler döredilýär. Bu bolsa, döwlet Baştutanymyzyň ýaşlara bildirýän uly ynamynyň aýdyň beýanydyr.

Isa BABAÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.