Ýaşlar — Watanyň ygtybarly daýanjy

31 Iýul 2024
203

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent ruhly, terbiýeli we bilimli ýaş nesli kemala getirmek ýurdumyzy ösdürmekde baş wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan, ýaşlar meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr, jemgyýetiň durnuklylygyny, döwletimiziň kuwwatlylygyny we abadançylygyny üpjün etjek esasy güýçdür. Bedew bady bilen barha öňe barýan ýurdumyzda ýaşlary milli ruhda terbiýelemek möhüm ähmiýetli wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Bu jogapkärçilikli işe döwlet derejesinde örän ünsli çemeleşmelidigini dünýä tejribesi aýdyň görkezýär. Jemgyýetiň ösüş depgini ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine bagly bolup, ýurduň ykdysadyýetiniň hem pajarlap ösmeginde möhüm orny eýeleýär.

Taryhy ösüşiň her bir tapgyrynda ösüp gelýän ýaş nesle aýratyn talaplar, uly ynam bildirilýär we ýaşlaryň jemgyýete mynasyp agza hökmünde goşulyşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu çäreler döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasaty arkaly amala aşyrylýar. Ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyk kemala gelmegi ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir. Hut şonuň üçin hem ata Watanymyzda ýaşlaryň döredijilikli kämilleşmekleri, özleriniň köpugurly zehinlerini, başarnyklaryny, mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri üçin ähli oňaýly şertler döredilýär.

Gözel KÜŞMEKOWA,
TMÝG-niň Köneürgenç etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.