Ýaşmagym — ýaraşygym

31 Iýul 2024
156

Dynç günüdi. Obada özüm bilen bile ösüp-ulalan, häzirki wagtda bir şäherde ýaşaýan obadaşym toýuna çagyrypdy. Hemişeki endigim boýunça, ilki bilen, toýa gelen eneler bilen salamlaşmak üçin dört gatly jaýyň öňündäki meýdançada tutulan ak öýe girdim. Meni ýitirip tapan ýaly garşylan, ejem bilen deň-duş zenanlaryň ýanynda oturdym. Salymyny bermänem, elleri çäýnek-käseli uzyn boýly gelinler salam berip, gapydan girdiler. Toý lybasynda birkemsiz bezenip-beslenen gelinleri tanamasam-da, olaryň agyzlaryndaky ýaşmaklarynda nazarym eglendi. Ýaşmaklary olara üýtgeşik ýaraşyk berýärdi.

Ýaşmak ýaşynmagyňam dürli görnüşleri bar. Ýurdumyzyň hemme ýerinde ýaşmak ýörgünli bolsa-da, biziň günbatar sebitimizde ol özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Täze alnan gelin tä ilkinji bäbegi dünýä inýänçä, gaýyn öýünde uly ýaglykda bürenip gezýär.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
«Balkan».