Men entek ýigit-le

31 Iýul 2024
177

Bir gün agşamlyk naharyny edinip bolamsoň, goşa ýassyga ýassanyp, çaý içip otyrkam bäş ýaşly agtygym ýanyma geldi-de:

— Ata, ata, garry adamlar şeýdip, seniň ýaly ýassyga ýassanyp çaý içýärlermi? — diýip sorady. Men böwrüme hürseklenen ýaly, çalasynlyk bilen dikelip oturdym.

Nurberdi DÄDEBAÝEW,
ýazyjy.