Wagyz-ündew işleri geçirilýär

31 Iýul 2024
122

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesli milli mirasymyza hormat goýmak, Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça öňde goýýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen dürli mazmunly wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Şu günler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Halaç etrap geňeşi bilen bilelikde etrabymyzdaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Milli terbiýe — asylly ýörelge» diýen at bilen guralýan maslahatlar hem bu ugurda öňde goýlan maksatlara ýetmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Duşuşyklarda merdana ata-babalarymyzyň jemgyýetde asylly, ahlakly, edep-terbiýeli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki ýol-ýörelgeleriniň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edilýär. Çykyşlarda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan ugur alnyp, ýaşlaryň şahsy başlangyçlaryny durmuşa ornaşdyrmak, olary täze gözleglere ruhlandyrmak, ylymly-bilimli nesilleriň kemala gelmegini gazanmak boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda aýratyn nygtalýar. Zähmetkeş ýaşlar özleriniň bagtyýar şu gününi we röwşen ertirlerini berkarar etmekde giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarlar.

Baýly GURBANKULOW,
Halaç etrap, şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.