Gezelenç çäresi

30 Iýul 2024
119

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Görogly etrap geňeşi ýaşlaryň taryhymyza, milli gymmatlyklarymyza, medeni ýadygärliklere bolan buýsançlaryny artdyrmak, olar barada çuňňur düşünje bermek maksady bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Yzmykşir galasyna gezelenç çäresini gurady. «Şöhratly geçmişi bardyr türkmeniň» ady bilen guralan gezelenç çäresine etrabyň ýaşlar guramasynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.

Etrapdaky 46-njy orta mekdebiň taryh mugallymy Nurmyrat Aramedow çärä gatnaşyjylara Yzmykşir galasy barada gyzykly maglumatlary, galanyň gülläp ösen döwri, şol döwürlerde ýerli ilatyň ýaşaýyş şertleri, şeýle hem bu ýerde ýaşap geçen şahyr, dünýä medeniýetine uly goşant goşan belli alym Mahmyt Zamahşarynyň döredijiligi barada gyzykly gürrüň berdi. Gezelenç çäresine gatnaşanlar geçmişde ýaşap geçen ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini öwrenip, olaryň soňky nesiller üçin görelde alarlyk beýik işler bilen, taryhymyzda uly yz galdyrandyklaryna ýene bir gezek göz ýetirdiler.

Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Görogly etrap geňeşiniň bölüm müdiri.