Halk Maslahaty — döwletliligiň şuglasy

31 Iýul 2024
188

Tejen etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Tejen şäherindäki Medeniýet öýünde etrabyň edara-kärhanalarynyň zähmetkeşleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda “Döwlet bilen halkyň jebisligi agzybirligiň we döwletliligiň berk binýadydyr!” şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda paýtagtymyzda ýokary derejede geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, onuň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine ýardam bermek we syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini giň halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen guralan duşuşykda çykyşlara giň orun berildi.

Duşuşykda Halk Maslahatynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylyşy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleri barada durlup geçildi. Oňa gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Şeker BAÝMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň jogapkär işgäri.