Saglygym bar — baýlygym bar

31 Iýul 2024
116

Agzybirligiň, dost-doganlygyň gülläp ösýän döwründe, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz bedew bady ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda her ýyla mynasyp at goýmak indi asylly däbe öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan şöhratly ýylymyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Bu ýylymyzda söz bagynyň bagbany hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenmegi bolsa biziň buýsançly başymyzy göge direýär.

Ine, şu gün TMAK-nyň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň ilkinji zenanlar guramasy hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Demirýolçularynyň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen bilelikde, şeýle-de TSG we DS ministrliginiň we TGÝ-a Milli jemgyýetiniň işgärleri bilen bilelikde «Inçekeseliň öňüni almak we Gender deňligi» boýunça Demir ýol pudagynda zähmet çekýän gyz-gelinleriň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.