Asylly maksatlara eýerip

31 Iýul 2024
113

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň il agzybirliginiň, türkmen döwletliliginiň ýene bir aýdyň mysaly boljakdygyny bellemek gerek. Munuň özi halkymyzyň «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen paýhasly ýörelgä ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi bolar. Şeýle asylly ýörelgeler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ynsanperwer döwlet syýasatynyň mizemez binýadyny düzýär. Il agzybirligi, döwlet berkararlygy baradaky düşünjeler Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär.

Agzybirligi, jebisligi mizemez durmuş ýörelgesine öwrüp, ony asyrlaryň kämillik mekdebinde sünnäläp gelýän merdana halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir döwletli başlangyjyny, ählumumy bähbitleri nazarlaýan taryhy tutumlaryny, uzak geljege gönükdirilen özgertmelerini tüýs ýürekden goldaýar. Döwletli tutumlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Halk Maslahatynyň giňden taýýarlyk görülýän nobatdaky mejlisi hem her bir tutumyň rowaçlygynda taýsyz güýç hasaplanýan şeýle işjeňligi artdyrmakda, halkyň mizemez bitewülige öwrülen döredijilikli güýjünden netijeli peýdalanmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Çünki Halk Maslahaty täze taryhy eýýamyň rowaç ýollaryndan okgunly öňe barýan eziz Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dowamat-dowam tapýan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekillerini işjeň çekmäge ýardam edýär. Şoňa görä-de, milli demokratiýanyň barha pugtalanýandygynyň hem güwäsine öwrüljek umumymilli forumyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent sepgitleri nazarlaýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň mundan beýläk-de köptaraply ösüşini üpjün etmekde, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly ýurt hökmünde dünýäde gazanan abraý-mertebesini öňküden hem pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.