Döwrümizi gülledýän beýik tutumlar

30 Iýul 2024
145

Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler Watanymyzy täze ýeňişlere ýetirýär. Eziz Arkadagymyz halkyň bähbidini ähli zatdan ilerde tutup, watandaşlarymyzyň has nurana günlerde ýaşamagyny üpjün etjek tutumly işleriň birnäçesini amala aşyrdy we amala aşyrýar. Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde durmuşa geçirýän işleri berkarar döwletiň bagtyýar raýatlary hökmünde kalbymyzda buýsanç duýgusyny döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi tüýs ýerine düşen çözgütleriň biridir. Biz olaryň mejlislerinde Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryny diňläp, olary ildeşlerimiziň arasynda wagyz edýäris.

Garly BAZAROW,
Halaç etrabyndan, Hormatly il ýaşulusy.