Köpetdagyň eteginiň taryhy künjegine gözellik goşýan Arkadag şäheri halkymyzyň buýsanjy. “Ýaşlaryň şäheri”, “Geljegiň şäheri” diýlip ykrar edilen Arkadag şäheriniň ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheridigini bellemek has-da ýakymly.
Geçen ýylyň tomsunda, şanly günde sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň ilkinji tapgyrynyň açylyş dabarasy bolup, ol ýerde durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy ulanmaga berildi. Şondan bäri bir ýyldan gowrak wagt geçdi. Geçen döwrüň içinde Arkadag şäherinde ýurt we halkara derejesindäki çäreleriň ençemesiniň üstünlikli geçirilmegi “akylly” şäheriň dünýädäki meşhurlygynyň artmagyna itergi berdi.