Ahal welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Änew şäher Jemagat hojalygy müdirliginde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçen wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyga agzalan müdirlikde zähmet çekýän işçi-hünärmenler gatnaşdy.
Duşuşykda Watanymyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, döwlet we milli maksatnamalar esasynda durmuşa geçirilýän, il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilen işler barada gürrüň edildi. Ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi, obalarymyzyň, şäherçedir şäherlerimiziň gözelleşmegi ugrundaky tagallalarda her bir ildeşimiziň mynasyp goşandynyň bolmalydygy barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi.