Hemmeleriň arzyly oýunjagy

26 Iýul 2024
115

Wenger matematigi Erno Rubigiň 1974-nji ýylda oýlap tapan tapmaça oýnawajy dünýäde hiç haçan ähmiýetini ýitirmeýän güýmenjä öwrüldi. Bu oýnawajy gören uludankiçä hemmeler zehinini barlamak üçin ony biygtyýar eline alýar. Häzire çenli bu oýunjakdan 450 milliondan gowragynyň satylandygy bellenilýär. Oýunjak ilkibaşda okuw esbaby hökmünde oýlanyp tapylypdyr. Professor Rubik talyplaryna üç ölçegli jisimleri düşündirmek üçin her tarapyndan 9 kwadrat bolan we her bölegi aýratynlykda hereket edip bilýän bu oýunjagy oýlap tapýar. Kubjagazyň ilkinji görnüşleri 27 sany dürli agaçlardan ybarat bolupdyr. Soňra bolsa 54 öýjükli – merkezinde 6 sany 1 reňkli, gapdalynda 12 sany 2 reňkli we çüňkünde 8 sany 3 reňkli öýjük bolupdyr. Rubigiň tapmaçasyny ilkinjileriň hatarynda öz talyplary çözüpdirler. 1975-nji ýylda Rubik öz öndüren önüminiň patentini alýar. 1978-nji ýylda bolsa Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Jadyly kubik » ady bilen ilkinji ýasan kubiklerini oýnawaç hökmünde çagalara hödürleýär. 1980-nji ýylda oýnawaç kompaniýalarynyň biri bu oýunjagy öndürip satmak hukugyny satyn alýar. Şondan soň bu oýnawaçlar dünýäniň dürli ýerlerinde satylyp başlanýar. «Rubigiň kubjagazyna » başgaça «jadyjy kubjagaz » hem diýilýär. 1980-nji ýyllarda meşhurlygy dünýä ýaýran tapmaçany çözmek üçin dürli usullar gözlenip başlanýar. Internetiň ýaýramagy bilen bu kubjagyzy çözmegiň dürli usullary köpçülige görkezilýär. Şeýlelikde, kubjagazyň has çylşyrymly görnüşleri peýda bolýar. Erno Rubik bu oýnawaç barada adamlaryň bilesigelijiligini, oýun oýnamak islegini we mesele çözmek ukybyny birleşdirýändigini belleýär. Kim çalt çözmeşek ! Birnäçe ýyldan bäri Rubigiň kubjagazyny çalt çözmek ýaryşlary geçirilýär. Şeýle hem bu ugurda rekordlar hasaba alynýar. Tehnologiýanyň ösmegi netijesinde Rubigiň kubjagazyny çözýän robotlar hem işlenip taýýarlandy. Golaýda Ýaponiýada işlenip taýýarlanan bir robot Rubigiň kubjagazyny 30 millisekuntda çözdi. Bu wagt bölegi göz açyp-ýumasy salyma barabardyr. Ýagny ýanynda duran bolsaň hem robotyň kubjagazy düzüşine örän ünsli syn etmeseň, haçan, nädip çözenini hem duýman galýarsyň. Bilermenler robotyň kubjagazy has gysga wagtda hem çözüp biljekdigini, emma şeýle edilende oýunjagyň döwüljekdigini aýdýarlar. Rubigiň kubjagazyny çözmekde adamlaryň arasyndaky rekord amerikaly Maks Parka degişli. Ol bu tapmaçany 3,13 sekuntda çözdi. Bu rekordy täzelemek aňsat bolmasa- da, robotyň tizligi bilen deňeşdirilende örän «haýal ». Robotlaryň bu ugurdaky rekordy gysga wagtda uly ösüş gazandy. 2009-njy ýylda bir robot Rubigiň kubjagazyny 1 minut 4 sekuntda çözüp rekord goýupdy. Indi bolsa bu görkeziji ýarym sekunda düşdi.