Fon der L ýaýen ikinji möhlete saýlandy

26 Iýul 2024
118

 Ýewropa Parlamenti Strasburgda geçirilen umumy mejlisde Ursula fon der Lýaýeni ikinji bäş ýyllyk möhlet bilen Ýewropa Komissiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlady. Ses berişlikde Ýewropa Parlamentiniň 720 agzasynyň 401-i fon der Lýaýeniň dalaşgärligine ses berdi. 284 deputat garşy çykdy. Fon der Lýaýen 2019- njy ýylyň dekabryndan bäri Ýewropa Komissiýasyna ýolbaşçylyk edip gelýär. Ses berişlikden soňra, fon der Lýaýen Ýewropa Parlamentinde çykyş edip, geljek bäş ýyl üçin öz işiniň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi. Ol 2050-nji ýyla çenli Ýewropany klimatyň bitarap yklymyna öwürmek üçin niýetlenen ilkinji möhletiniň esasy maksatnamasy bolan «Ýewropa üçin ýaşyl şertnamany » durmuşa geçirmegi dowam etdirjekdigini aýtdy. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy 2040-njy ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlary 90 göterime çenli azaltmagy wada berdi hem-de infrastruktura we senagata, esasan hem, energiýany kön harç edýän pudaklara ep-esli maýa goýumlarynyň goýberiljekdigini belledi. – Bu ýagdaý arassa polatdan başlap, arassa tehnologiýa çenli hemme zatda öňdebaryjy bazarlary döretmäge kömek eder – diýip, fon der Lýaýen aýtdy. Onuň howa baradaky borçnamalary, «ýaşyl » fraksiýanyň wekilleriniň aýgytly goldawyna eýe boldy. Mundan başga- da, Ursula fon der Lýaýen howpsuzlyga we goranyşa maýa goýmagyň zerurdygyny öňe sürdi. – Biziň goranyş ulgamyna çykdajylarymyz juda az. Munuň tersine daşary syýasata çykdajylarymyz juda ýokary. Şonuň üçin biz ýeke- täk goranyş bazaryny döretmeli. Biz ýokary tehnologiýaly goranyş mümkinçiliklerine has köp maýa goýmalydyrys – diýip, ol belledi. Ýakyn günlerde Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlaryna resmi hatlar iberip, olary Ýewropa Komissarlarynyň wezipelerine dalaşgärlerini hödürlemäge çagyrar. Ýewropa Komissiýasynyň täze düzümi döredilenden soň, güýzde dalaşgärler barada diňlenişikler we olaryň tassyklanmagyna ses berişlik geçiriler. Dalaşgärler makullansa Ýewropanyň 27 komissary wezipesine girişer.