Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndan

24 Iýul 2024
137

Türkmen ýaşlary we edebiýat barada gürrüň açanymyzda, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň döredijiligine ýüzlenmek maksadalaýyk bolup durýar. Umuman, milli edebiýatyň asyl kökleriniň halk döredijiligine, «Görogly» eposyna, halk dessanlaryna birleşýändigi tebigy kanunalaýyklykdyr. Eýsem, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr. Magtymgulynyň öz şygyrlarynda ýüzlenmedik temasy ýok diýen ýaly. Onuň watançylyk, ynsanperwerlik, il-halka wepalylyk, halallyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan eserleri ideýa-mazmun taýdan güýçli bolmak bilen, ýokary terbiýeleýjilik ähmiýete eýedir. Onuň ýaş nesli edep-terbiýä çagyryşly şygyrlaryndaky:

Ulalanda iş hoş ýakmaz,