Bolan waka

17 Iýul 2024
193

Razy etmek

Türkmençilikde birek-biregi razy etmek, alan zadyňy ýerine salmak diýen ýaly gowy däpler bar. Men gulpagymy tasadyp ýören gyzjagazkam mellegimizde gowy erikler bardy. Bir gün Akga ejem (gaýtarmaka adamsy urşa gidip gelmedik) iki bedräni süýji erikden dolduryp: “Ýör, gyzym, Nurly agalara erik dadyryp geleli” diýip, menem yzyna düşürip alyp gitdi. Öz obamyzda bolsa-da aralyk ep-eslije bar eken. Akga ejem öýüň ýaşulusyny çagyrdyp gepleşdi. Meniň gulagymda galany onuň: “Razy bol, Nurly kaka!” diýen sözi boldy. Ol ýaşulynyň hem: “Wah, gyzym, men onsuzam razy ahyryn, ol ýyllar nämeler bolmaýardy” diýen sözi hakydamda galdy.