Täsirli geçen duşuşyk

12 Iýul 2024
250

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň hem-de etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda agzalan kitaphanada ýaş okyjylaryň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan duşuşykda ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilimli, hünärli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup kemala gelmegi ugrunda edilýän tagallalar dogrusynda söhbet açyldy.

Häzirki günlerde mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýändigi, bagtyýar çagalaryň şadyýan dynç almagy, saglygyny berkitmegi babatynda ýurdumyzda ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigi barada aýtmak bilen, duşuşykda çykyş edenler ýaşlaryň kitaphana ýygy-ýygyndan gelmeginiň hem guwandyryjy ýagdaýdygyny bellediler. Kitaphana işgärleri ýaşlara kitaphananyň işi, kitap gory we dörebap hyzmatlar hakda gyzykly gürrüň berdiler.

Zübeýda GURTÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.