Okuw maslahatlar — işjeňlige eýe

12 Iýul 2024
294

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň iş meýilnamalarynyň çäginde şu günler etraplaryň edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň, daýhan birleşikleridir daýhan hojalyklarynyň işçi-hünärmenleriniň arasynda okuw maslahatlar geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat we Tejen etrap birleşmeleriniň guramagynda biziň etrabymyzda hem Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň kadalaryny, zähmeti goramak we sagdyn howpsuz iş şertlerini döretmek bilen bagly kanunçylyk namalaryny düşündirmek maksady bilen okuw maslahatlary geçirilýär.

Okuw maslahatlary işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmak babatda we özara tejribe alyşmakda ähmiýetli bolup durýar. Onuň barşynda zähmeti goramak boýunça kadalaryň, düzgünleriň berjaý edilişi, zähmeti goramagyň degişli talaplara laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi, degişli gollanmalaryň dogry ýöredilişi barada aýratyn gürrüň edilýär.

Leýli ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň işgäri.