Tebigaty we tebigy baýlyklary goramak bileleşigi (IUCN) janly-jandarlaryň 4 müň görnüşiniň howp astyndadygyny belleýär. Başgaça aýdylanda, tebigy şertleriň üýtgedilmegi, klimatyň üýtgemegi we senagatyň ösmegi janly-jandarlaryň birnäçe görnüşiniň ýitip gitmek howpuna sebäp bolýar. Ilatyň çalt köpelmegi we ýaşaýyş ýerleriniň giňemegi hem ýabany haýwanlaryň öýlerini taşlap gitmegine sebäp bolýar. Geliň, Ýer ýüzünden ýitip gitmek howpy abanýan käbir jandarlar bilen tanyş bolalyň!
Tapanuli orangutan. Adamsypat maýmynlaryň toparyna degişli bolan tapanuli orangutan 2017-nji ýylda ýitip gitmek howpy abanýan jandar hökmünde hasaba alyndy. Dünýäniň diňe bir ýerinde – Indoneziýanyň Sumatra adasyndaky tropik tokaýlarda duş gelýän bu maýmynlaryň sany 800-den geçmeýär. Gyzylymtyl-goňur sütükli bu maýmynlar miwe, gurçuk we agaçlaryň täze baldaklary bilen iýmitlenýärler.