Di­şi­mi­ze zy­ýan­ly iý­mit­ler

12 Iýul 2024
216

«Görk agyz­dan...» diý­li­şi ýa­ly, adam­zat jem­gy­ýe­ti ir­ki ýyl­lar­dan bä­ri aş­ha­na me­de­ni­ýe­ti­ne we iýip-iç­mek düz­gün­le­ri­ne uly üns ber­ýär. Haý­sy iý­mi­ti ha­çan we nä­çe­räk muk­dar­da iý­me­li, haý­sy iý­mit­den ga­ça dur­ma­ly? Iý­mit adam sag­ly­gy­na düýpli tä­sir ed­ýär. Şol san­da kä­bir iý­mit­ler iý­len­de be­den ag­za­la­ry­na ze­per ýe­ti­rip hem bil­ýär. Iý­mit çeý­ne­len­de esa­sy ag­ram di­şe düş­ýär. Gar­ran wag­tyň gad­ry­na ýe­til­ýän di­şi­mi­zi ça­ga­lyk­dan sag­dyn sak­la­ma­ga üns ber­me­li. Şeý­le hem di­şi­mi­ziň sa­ral­maz­ly­gy we çüý­re­mez­li­gi üçin kä­bir iý­mit­dir içim­lik­leri iýip-içmekden ga­ça dur­ma­ly.

Sit­rus mi­we­le­ri. Na­rynç mi­we­le­riň dü­zü­min­de ýo­ka­ry de­re­je­de C wi­ta­mi­ni sak­lan­ýar. Li­mon, pyr­ty­kal, man­da­rin, greýpf­rut ýa­ly mi­we­ler yzy­gi­der­li iý­len­de di­şe ze­per ýe­ti­rip bil­ýär. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­çe, «kis­lo­ta­ly mi­we­leriň» şi­re­si wag­tyň geç­me­gi bi­len di­şiň çüý­re­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Şonuň üçin sit­rus mi­we­le­rini aşa köp iý­mek­den sak­lan­ma­ly.