Hemmämiziň borjumyz

10 Iýul 2024
299

Biziň ählimiz ýurdumyzyň gözel tebigatynda özüňi dogry alyp barmagyň kadalaryny anyk bilmelidiris we olary birin-birin ýerine ýetirmegi endik etmelidiris. Şu wajyp wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy maslahatlary bilen ildeşlerimize ýüzlenip, şulary ýatladýar.

Tebigatymyzyň gözel ýerlerinde, tokaý seýilgählerinde, öri we sähra meýdanlarynda açyk ot ýakmak, çilim çekmek, söndürilmedik otluçöpi taşlamak, uçgun berijileri ulanmak, çüýşe gaplaryny, aýna böleklerini we zir-zibilleri taşlap gitmek gadagandyr. Şeýle hem, çagalary gözegçiliksiz galdyryp, ot oýnamaklaryna ýol bermegiň, awtoulaglary ot-çöpli meýdanlara salmagyň, awtoulaglara tehniki hyzmatlary geçirmegiň ýangynyň döremegine getirýändigini unutmaň! Hormatly ildeşler! Ýangyny gören ýa-da duýan wagtyňyz, howsala düşmän, öýjükli ykjam el telefonyňyzdan 001 belgä jaň edip, habar bermegi ýatdan çykarmaň! Biziň hemmämiz Watanymyzyň gözel we baý tebigatynyň, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň abat bolmagyna jogapkärdiris.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölümi.