Syr saklaýan mähekdaş...

10 Iýul 2024
243

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň köp öwüşginli döredijiliginde syr, syr saklamak, syrdaş bolmak bilen baglanyşykly goşgular hem az däl. Olar bilen tanyş bolanyňda, şahyryň syr saklaýan adamlara uly sarpa goýandygyna göz ýetirýärsiň. Eýsem, syr nämekä?! Syr — bu başgalardan gizlin saklanýan pikirdir, ýaşyryn zatdyr. Syrdaş — biri beýlekisine syryny aýdýan, syr alyp, syr berişýän ýürekdeş adamlardyr. Syry bolsa hakyky ýürekdeş dost saklap bilýändir. Şonuň üçin-de halkymyzda syr saklap bilýän adam dostluga mynasyp hasap edilýär. Onuň tersine syr saklaman, ony paş edip ýören adam türkmençilikde halanmaýar.

Dana şahyr namart, akmak adamlar bilen syrdaş, ýoldaş bolmagy maslahat bermeýär.