Gözel Awaza. Sapaly kenar. Bagtly çagalyk

10 Iýul 2024
232

Bagtyýar nesiller tomusky dynça alyş möwsümini eziz Diýarymyzyň gözel künjeklerinde, Köpetdagyň ajaýyp jülgesinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde şatlyk-şowhunda, ýokary ruhubelentlikde geçirýärler. Munuň özi çagalaryň bagtyýarlygy üçin ýurdumyzda ägirt uly aladalaryň edilýändigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir» diýip, aýratyn buýsanç bilen nygtaýar. Şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ýurdumyzyň çar künjünden gelip, dynç alýan çagalaryň bagtyýarlygyny göreniňde, egsilmez şatlygyny synlanyňda, ýurdumyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynda naýbaşy orunda goýulýan şeýle asylly maksadyň rowaçlyklara beslenýändigine şaýat bolýarsyň.

Nurmämmet HYDYROW.
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».