Uly alym, hatyraly halypa

9 Iýul 2024
244

Türkmen dilini we edebiýatyny öwreniş ylmynyň görnükli wekili Zylyha Muhammedowa 1922-nji ýylda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkýusup obasynda gullukçy maşgalada dünýä inýär. Çagalykdan ynsanyň hat-sowat, ahlak-mertebe gymmatlygynyň ýokarda goýulmalydygy barada berk düşünje, terbiýe alan, tebigy zehinli, gaýratly zenanyň durmuş ýoly tutuş ýurduň taryhy, jemgyýetçilik durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Ol filologiýa ylymlarynyň doktory, ýigrimi sekiz ýaşynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy derejelerine mynasyp bolan ilkinji zenan alymdyr.

Onuň kakasy Baky Muhammedow — Mary sebitinde tanalýan we uly hormat goýulýan Täçmuhammet ahunyň ogly. Baky Muhammedow medresede okap, bilimden paýyny alýar. Ol XX asyryň başynda ýurduň häzirki çäklerinde ýerli halkyň jemgyýetçilik durmuşynda täze özgerişlikleri giňden ornaşdyrmagyň öň hatarlarynda çykyş edenleriň biridir. Soňra 1924-nji ýylda ykrar edilen Türkmenistan Respublikasyny ykdysady hem-de syýasy taýdan ösdürmekde, ýadawsyz zähmet çekýär. Şol ýyllarda başarjaňlygyny we gözýetiminiň giňligini, birnäçe dilleri bilýänligini göz öňünde tutup, Baky Muhammedowa dürli hojalyk, önümçilik, dolandyryş, partiýa-döwlet işleriniň ýolbaşçylygyny ynanýarlar.

Akbäbek ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň işgäri.