Akyldar şahyryň sarpasy

7 Iýul 2024
405

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romany arkaly edermen esger, ussat mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň Magtymguly Pyraga goýýan sarpasyny, onuň döredijiligine salgylanyşyny, bu däpleri nesillere geçirişini öwrenmek bolýar. Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýolunda akyldar şahyryň şygyrlary uly orun tutýar. Romandan mysal getireliň: «Öz bilim-düşünjesini artdyrmak bilen, Berdimuhamet köp okaýardy. Çeper eserlerden, aýratyn hem türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi onuň ruhy başdan geçirmelerine saz gelýärdi. Şahyryň goşgularynyň köpüsini ýatdan bilýärdi. Olary okuwçylara, obadaşlaryna okap, aýdyp bererdi».

Bu eserde Berdimuhamet Annaýewiň otuzynjy ýylda Aşgabatda geçirilen Dilçileriň birinji konferensiýasyna çagyrylandygy, onda türkmen edebi diliniň esaslaryny goýmak barada gürrüň gidendigi ýatlanylýar. Çagalar üçin mugallymyň her bir sözi, her bir hereketi nusga bolup durýar. Mugallymyň çagalara berýän pentleri ýöne sözler bolman, eýsem, onuň ähli edim-gylymlarynda, şahsy mysalynda öz beýanyny tapýar. Ýeri gelende bellesek, Berdimuhamet mugallym beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň: «Tälim beren ussadyňdan aýrylma» diýen dana sözlerini hiç haçan ýadyndan çykaranok eken. «Şonuň üçin-de okuw prosesinde mugallymyň çekýän zähmetine şeýle uly ähmiýet berýär» diýip, romanda bellenilýär. Bu bolsa kär kämilliginde hem şahsyýetiň Magtymguly Pyragynyň mirasyna yzygiderli ýüzlenýändigini görkezýär.

Aýbölek REPBIMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.