Täsirli gezelenç

5 Iýul 2024
321

Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Köneürgenç etrabynda hem dürli aýdym-sazly çäreler, gezelençler guralyp, ildeşlerimiz bu çärelere uly ruhubelentlikde gatnaşýarlar. Golaýda TZB-niň etrap bölüminiň we etrap medeniýet bölüminiň «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna gezelenjiň guralmagy has-da täsirli boldy. Gezelenje dürli ulgamda zähmet çekýän zenanlar, guramanyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Köneürgenç topragy türkmen halkynyň we bütin dünýäniň deňsiz-taýsyz medeni mirasynyň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýär. Gezelenjiň dowamynda goraghananyň işgäri Gülşat Atdanowa ençeme asyrlaryň dowamynda saklanyp galan gadymy ýadygärlikleriň taryhy barada gyzykly gürrüň berdi. Gezelenje gatnaşyjylar türkmen sährasynyň ençeme taryhy-medeni ýadygärlikleri, tebigy üstünlikleri bilen tanşyp, orta asyrdan biziň günlerimize çenli saklanyp galan arhitektura ýadygärlikleriniň ajaýyp nusgalaryny, gadymy binagärleriň ussatlarynyň syrlaryny öz gözleri bilen görüp, geçmişe giden täsinlikler dünýäsine syýahat etdiler. 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki ýadygärliklere syýahat edip, bu ýerdäki muzeý gymmatlyklary bilen tanyşmak zenanlarda geçmiş taryhymyza bolan sarpany we buýsanjy has-da artdyrdy.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni, zenanlar guramanyň işjeň agzasy.