Üns merkezinde — çagalar

5 Iýul 2024
310

Häzirki wagtda dowam edýän tomus paslynda çagalar wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Olaryň bir topary bolsa Türkmenabat şäher häkimliginiň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde bolýar. Biz bu sapaly künjekde dynç alýan çagalaryň arasynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmegiň ähmiýeti, ýangyn dörän halatynda özüňi alyp barmagyň tertibi hakynda söhbetdeşlik geçirdik.

Elektrik togunyň durmuşymyza giňden ornaşýandygy sebäpli her bir adam ondan howpsuz peýdalanmagyň düzgünlerini kämil bilmelidir. Biz olar barada gürrüň bermek bilen birlikde çagalarda ýüze çykan sowallara hem jogap berdik. Soňra olaryň gatnaşmaklarynda bölümimiziň ýangyn-tehniki merkezine täsirli gezelenç hem guraldy.

Babanyýaz ILAMANOW,
welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 1-nji bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory.