Adam hakyndaky alada

5 Iýul 2024
260

Berkarar döwletimizde adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biz bu hakykata ilatyň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleriniň yzygiderli köpeldilmeginiň, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň mysalynda hem anyk göz ýetirýäris. Şeýle hem raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi, ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň açylmagy ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleriň esasyny düzýär. Biz hem ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan beýik işleri ilatyň arasynda yzygiderli wagyz-ündew edýäris. Şeýle ähmiýetli çärelere syýasy partiýalaryň işgärleriniň, bilim, saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleriniň, halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmaklary bu ugurdaky işleriň netijeliligini has-da artdyrýar.

Raýatlar toparlary bilen geçirýän duşuşyklarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ilaty durmuş taýdan goramak maksady bilen durmuşa geçirilýän kanuny özgertmeleriň halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrýandygy giňden nygtalýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent taglymatlaryna wepaly bolup, döwletimiziň beýik geljegini nazarlaýan işlere işjeň gatnaşmak biz üçin mukaddes borçdur.

Gülnaz REJEPOWA,
Çärjew etrap raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň müdiri.