ÝATLAMA (Hekaýa)

4 Iýul 2024
233

Türkmen maşgalasynda zenanlar hiç işsiz oturmaýarlar. Olar çagalary, goňşy-golamlary bilen özara gürrüň edip oturanlarynda hem elleri işlidir: jorap örerler, ýüň dararlar, ik egrerler, sag aýagynyň başam barmagyna sallançagyň bagyny orap, onda ýatan çagany hem yraýandyrlar. Gürrüňiň arasynda hiňlenip, hüwdi hem aýdarlar.

Meň mamamyň hem eli hemişe işlidi. Ol bir agtygyny hüwdüläp ýatyrsa, beýlekisine jorap örerdi, ýanynda-da mydama gepläp duran radiosy bardyr. Mamam goýun gyrkylýan möwsümlerde ýaz ýüňi haly, palas, dolak dokamaga, güýz ýüňi bolsa keçe üçin gowy bolar diýip, olary aýry-aýry ýygnap goýardy. Mamam ol ýüňleri ilki tut çybyklary bilen saýardy, soňra ýüňdaragy bilen darardy, dürli reňklere boýardy. Boýalan ýüňleri ik bilen egrip, ýüplük taýynlardy. Taýýar bolan ýüplüklerden gyşyna has ýyly bolsun, üşemesinler diýip, agtyklaryna jorap, ýeňsiz örerdi.

Gülaýym GELDIMYRADOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.